Gürrüň gyzyşdy: ÖWREDIŇ
Ýetginjekleriň pikirleri: “Nähili edip men AIW ýokançlygynyň öňüni alyp bilerin?”
Öz çagaňa özüni nähili goramalydygyny öwretmek örän wajypdyr.
Çagaňyz bilen AIW-iň geçýän we geçmeýän ýollaryny ara alyp maslahatlaşyň. Özüňiziň umumy we giňden ýaýran nädogry pikirleri aýdyňlaşdyryp bilendigiňizi anyklaň.
AIW-iň adamdan adama geçiş ýollary
AIW geçip biler:
- ganyň üsti bilen - sterilizasiýa edilmedik sanjymiňňe, pirsing we tatuirowka, gulak deşmek üçin abzallar we iňňeler ulanylanda, hat-da bir gezek ulanylan-da hem.
- goralmadyk jyns gatnaşygy arkaly. Infisirlenen adam bilen, prezerwatiwsiz bir gezek gatnaşyk edilende hem.
- eneden çaga, göwrelilik, dogum, ýa-da ene süýdi bilen emdirilýän döwürlerinde.
AIW-iň geçmeýän ýollary
- AIW-i bolan adamyň taýýarlan naharynyň üsti bilen;
- hojalykda gündeki gatnaşyk arkaly (umumy hajathana, duş, gap-gaç we şm., ulanylanda);
- hammamda, suw howdanynda, saunada, ulagda;
- elleşip salamlaşylanda, gürrüňdeşlikde, gujaklaşylanda, dostlukly öpüşmede;
- gözýaş, der, tüýkülik arkaly, üsgülewükde we asgyrmada;
- mör-möjekler çakany üçin, haýwanlar we guşlar bilen aragatnaşykda.