Hereket etmäge wagtyň ýokmy? Beýle däl!

  • Basgançak bilen mün we aşak düş;
  • Köpräk pyýada gez, kitaphana, mekdebe we dostlaryňa gideňde badalga tigirçekde, aýakgap tigirçekde we welosipedde git;
  • Mekdepde we meýdançalarda geçirilýän oýunlara işeňňir gatnaş;
  • Arassa howada köpräk bol;
  • Öýde köpräk fiziki iş bilen meşgullanjak bol: saçak ýaz, gap ýuw, kir ýuw we hapany çykar;
  • Saz diňle we tans et!
  • Saňa diňe bir fiziki tarapdan däl, eýsem ruhy tarapdan ýaraýan sport bilen meşgullanmak üçin özüňe laýyk sport ugruňy saýla;
  • Fiziki işlerde yzygiderlilik we kem-kemdenlik ýörelgelerini berjaý et;

Eger sen köp wagtyňy telewizoryň we kompýuteriň ekranynyň öňünde geçirýän bolsaň:

1. Oturgyjyň deregine ýörite maşk üçin niýetlenen pökgini ulan; pökgide oturanyňda ýagyrnyň we garnyň myşsalary berkeýär, göwräniň dogry tutulyşy üpjün edýlär.

2. Haýsy-hem bolsa bir hereketli arakesmeleri ýerine ýetir; islendik adamyň saglygy üçin ekranyň öňünde 30 minutdan köp arakesmesiz oturmak peýdaly däldir.

3. Sen her ýarym sagatdan birnäçe minudyň dowamynda islendik hereket edip bilersiň, ýeriňden turmak, gerinmek, bökmek, duran ýeriňde ylgamak, öýüň içinde ýöremek.