Ähli zat gürrüňdeşlikden başlanýar

Ýetginjegiň özüni gönüden göni gatnaşdyrmazdan onuň işjeňlik hem dynç alyş döwürlerini kesgitlejek bolmak peýdasyzdyr. Iň gowy bolanda, siziň hoş meýilleriňiz diňlenilmän galar. Iň ýaramazy — ähli zat tersine ýerine ýetiriler.

Ýetginjegiň eýýäm ýaşy ýeten, hormat-sylag talap edýän şahsyýetdigini unutmaly däl. Çagaňyz bilen gürleşiň. Onuň ýagdaýlary bilen, mekdepdäki we gurnaklardaky öý işleri bilen gyzyklanyň, onuň gyzyklanmalary hakynda köpräk biliň, onuň gün tertibini ýeňletmegiň üstünde bile işlemegi teklip ediň.