Öý işlerini haçan ýerine ýetirmeli?

Ilkinji nobatda, siz bilelikde işjeňlik bilen erkin wagtyň biri-birini gezekleşdirip durjak — işiň dynç alyş bilen, öý işleriniň — güýmenjeler bilen çalşyp durjak gün tertibini düzmeli.

Mekdepde okuwlar tamamlanan badyna çagany dessine öýe getirip, öý işlerini ýerine ýetirtmäge howlukmaly däl. Mümkinçilik bolsa, goý, ol deň-duşlary ýa-da siziň bilen pyýada gezim etsin. Mysal üçin, öýüňiz golaý bolsa, mekdepden öýe çenli. Ýa-da jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanmaly bolsa, birnäçe duralga ýöräp bolar. Şol geçilen wagtda ýetginjek şol gün bolup geçen wakalary siziň bilen paýlaşar we toplanan dartgynlylygyny daşyna çykarar.

Öýde ýetginjege dynç beriň, diňe oňa-da däl. Gündizlerine diňe çagalar bagyndaky körpeler ýatýar diýen hyýaly toslama ynanmaň — gündizki dynç körpelere hem, uly ýaşlylara hem zerurdyr. Bir ýarym, iki sagat gündizki uky işjeňligi ep-esli dikelder we täze işlere täze güýç bilen başlamaga ýardam eder.