Öý işlerini ýerine ýetirenden soňra — şahsy wagt

Ine, sapaklar ýerine ýetirildi, ýalňyşlar düzedildi, ýetginjegiň şahsy wagty peýda bolýar. Ol ony islän zadyna sarp edip biler. Gör, näçä mümkinçilik! Ýetginjegiň kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňünde galmagyna ýol bermäň — ol eýýäm depdere ýazgylaryny ýazyp, oturma kemini goýmady.

Iň gowusy, ony gezelenç etmäge goýbermek. Işjeň gezelenç, deň-duşlary bilen gepleşmek, gönüden-göni ata-ene gözegçiliginiň ýoklugy — ine, nesilleriň ähli tapgyry şeýdip kemala gelipdir.

Ýa-da bolmasa, işjeň sport bilen meşgullanmak barada aladalanmaly we ýetginjegi haýsy hem bolsa bir sport seksiýasyna bermeli. Eger-de tutuş günüňizi işde geçirip, çagaňyzy diňe agşamlaryna görýän bolsaňyz, saýlan sportuňyz bilen bile meşgullansaňyz hem bolar. Ýa-da tersine, eger ata-enesi tutuş gün öýde bolup, onuň bilen gürrüňdeş bolmak üçin başga wagt bar bolsa, goý, ýeke özi gatnasyn.

Möhüm! Ýetginjegiň dolanyp geljek wagtyny öňünden gürleşiň ± ýarym sagat ýoluna we dostlary bilen hoşlaşmagyna. «22:00-da öýde bol, ýeke minut hem eglenme!» ýaly berk talap — bu haçan hem bolsa, bir gün bozular. Şonuň üçin çaga gaýgylanmaga esas bermäň.