Sapaklary nähili ýerine ýetirmeli?

Her 30 minutdan arakesme almak arkaly üç sagatdan uzak bolmaly däl! Bu neneňsi hyýaly eşidilýän hem bolsa, çaga meseleleri çözmek we gönükmeleri göçürmek bilen näçe köp we näçe yhlasly meşgullanýan bolsa, şonça-da ol öý işlerini ýerine ýetirmek üçin köp wagt sarp eder. Her 30 minutdan 5-7 minutlyk arakesmeler, aýratyn hem işjeň arakesmeler, mysal üçin, uly bolmadyk tans maşklary ýetginjegiň işe ukyplylygyny ýokarlandyrar we ony indiki ýumşy ýerine ýetirmäge ruhlandyrar.

Iň esasy zat — arakesmeler uzaga çekmeli däl, ýogsam, öý işleriniň ýerine ýetirilmegi agşama we gijä galar, bu ýagdaýda bolsa, irden ýadawlykdan gaçyp gutulyp bolmaz.

Ýeri gelende, öý işlerini aňsat sapaklardan başlamaly. Olary çözmekden ruhlanan çaga has kyn meseleleri çözüp biler, galyberse-de, soň olara dynç alyş wagtyny sarp etmek gerek bolmaz.