Sport hakynda:

Ýetginjeklik döwründe fiziki işjeňlik örän möhümdir. Hut şu döwürde ýürek-damar ulgamy we daýanç-hereket apparaty gutarnykly emele gelýär, türgenleşýär we taplanýar.

Muňa garamazdan, ýetginjekleriň işjeňligi kadalaşdyrylmalydyr. Çagalaryň we ýetginjekleriň ululara garanyňda az çydamlylygyny we uzak dowamly türgenleşiklere ýaramaýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Ýetginjekler sportuň umumy berkidiji görnüşlerine has köp üns bermeli — suwda ýüzmek, ylgamak, göreş, welosipedde gezelenç etmek. Bu sport görnüşleri ösýän bedene oňaýly täsir edýär. Eger-de çaga geljekde sportuň başga bir görnüşine gyzyklanma bildirse, ol eýýäm oňa fiziki taýdan taýýar bolar.

Bu görnüşleriň düýpli artykmaçlyklarynyň ýene-de biri, suwda ýüzmek, ylgamak, göreş ýa-da welosiped bilen islendik ýaşda — 7 ýaşda hem, 17 ýaşda hem meşgullanyp başlap bolar.

Möhüm! Täze başlan türgenleriň ähli türgenleşikleri tejribeli tälimçiniň göz astynda geçmeli. Ösüp barýan ýetginjek organizme düşýän agram çäkli bolmalydyr. Meşhur türgenleriň meşgullanýan sport görnüşleriniň ählisi çagalara laýyk gelenok. Ol görnüşlere soňlugy bilen, has uly ýaşda bedeniňi umumy bilimler bilen berkidip, taplanyňdan soň geçip bolar.