Uklamaga taýýarlyk görmäge wagt

Günüň ahyrynda bedene güýjüni dikeltmek gerek. Ýetginjege ukusyny almagy we irden özüni täze başdangeçirmelere taýýar duýmagy üçin ortaça 8-9 sagat kadaly uky gerek. Şonuň üçin hem ol 23:00-dan giç ýatmaly däl.

Bu bir ýönekeý matematiki amal — mekdepde sapaklar 9-da başlaýar, diýmek, ýuwunmak, ertirlik edinmek we irdenki ýol dykynlaryndan geçip mekdebe barmak üçin 7:30-8:00-da oýanmaly. Eger-de sapaklar has ir başlanýan bolsa, onda oýanmaly wagt hem öňe süýşýär.

Ýöne dostlaryň doglan güne üýşende, telewizorda onuň öňden görmek isleýän ajaýyp bir filmi görkezilende, garaz, ol heniz ýadamadyk we islemedik wagty 23:00-dan gijä galman uklamak bilen hemme ýetginjek ylalaşyp durmaz. Goý, lukmanlar çuň uky hem nerw ulgamyň dikelmegi üçin iň oňat wagt 22:00-dan 2:00 diýseler diýibersinler.

Möhüm! Diňe bir kadaly iýmitlenmek endigi däl, eýsem, dogry uklamak endigi hem çagalykdan öwredilýär. Nähilidir bir däp oýlap tapyň. Çagaňyz bilen bir bulgur kefir içiň, erteki okaň, siziň bilen şol gün näme bolup geçendigi hakynda gürleşiň, bile wakalary düzüň. Eger-de ir ýaşlardan çaga bu hereketleriň uka getirýändigine öwrenişse, onda onuň bedeni hem awtomatik ýagdaýda herekete geler.

Ukudan öň otagy ýelejiretmeli, geýimleriňi çalyşmaly we smartfonyňy aýryp goýmaly. Ertir täze gün başlanýar, ukyňy alyp bilmän, ony sypdyrmaly däl.

Ýetginjekler — eýýäm çaga däl, ýöne ulularyň ýüküni çekerden olara heniz ir. Öz çagaňyzyň gün tertibini kadalaşdyrmaga ýardam etmek bilen siz onuň diňe bir tutuş işjeňligini dogry kadalaşdyrmak we onuň saglygy üçin howpy peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, birek-birege hem ýakyn bolarsyňyz.