Meniň boýum nähili bolarka?

Siziň ösmegiňize näme kömek edýär we siziň boýuňyzyň nähili boljakdygyny nädip öňünden bilip bolýar? Kämillik ýaşyna ýeten uly adamyň ahyrky nokada çenli boýunyň ösmegi hakda söz açylanda siz özüňiz barada nähili çaklamalar edýärsiňiz?

Bu soragyň jogabyny aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Munuň üçin size öz ene-ataňyza seretmek ýeterlik. Ýöne munuň bilen iş tamam däldir.

Kämillik ýaşyna ýeten uly adam bolanyňyzda ahyrky ýetjek boýuňyzy kesgitlemek we boýuňyza nähili-de bolsa dürli usullar bilen täsir edip biljekdigiňizi anyklamak ugrunda edilen tagallalar netijesinde toslamalaryň arasyndan hakykatyň käbir bölejiklerini tapmak başadyk.

  1. Meniň boýumyň nähili boljakdygyna näme täsir edýär?
  2. Boýumyň näçeräk boljakdygyny men bilip bilerinmi?
  3. Eger meniň enem-atamyň boýlary uzyn, ýa-da pes bolsa, men hem edil şolar ýaly uzyn, ýa-da pes bolarynmy?
  4. Boýuma degişli duýdansyz özgerişler haçan başlanyp, haçan tamamlanýar? Men näçeräk ösüp bilerkäm? Şunuň bilen baglylykda oglanlar bilen gyzlaryň arasynda nähili tapawut barka?
  5. Nähili-de bolsa ýollardyr usullar bilen, mysal üçin, göwrämi dogry tutmak üçin ýörite maşklar etmek arkaly, gerekli azyk önümlerini iýmek we goşmaça iýmit serişdelerini ulanmak ýaly usullar arkaly men boýumyň ösmegine we has uzyn boýly bolmagyma täsir edip bilerinmi?
  6. Men öz synpdaşlarymdan has gysga ýa-da has uzyn - bu meni biynjalyk edýär. Men näme edip bilerin?
  7. Maşgalamyzda öz boýumyň hemmeleriňkiden has pes, ýa-da has uzynlygy barasynda men aşa alada etmelimikäm?