Boýuma degişli duýdansyz özgerişler haçan başlanyp, haçan tamamlanýar? Men näçeräk ösüp bilerkäm? Şunuň bilen baglylykda oglanlar bilen gyzlaryň arasynda nähili tapawut barka?

Boýa degişli duýdansyz özgeriş gyzlarda we oglanlarda iki ýylyň dowamynda bolup geçýär. Emma ol başga-başga wagtda başlanyp biler. Gyzlarda bu duýdansyz özgeriş adatça 9 ýaşdan 10 ýaşa çenli başlanýar. Gyzlaryň boýunyň iň çalt üýtgeýän döwri 11 ýaşdan 12 ýaşa çenlidir. Oglanlaryň boýy bolsa adatça 11 ýaşlarynda ösüp başlaýar, 13 ýaşynda iň ýokary derejesine ýetýär.

Şol döwrüň dowamynda oglanlar, adatça, her ýyl 10 santimetr çemesi ösýän bolsa, gyzlar her ýyl 7 ýarym santimetr çemesi ösýärler. Hut şu jähetden hem, orta hasap bilen erkekleriň boýy aýallaryňka garanda 12 ýarym santimetr çemesi uzynrakdyr.

Kämillik ýaşyna ýetmek döwrüniň ahyrynda oglanlaryň we gyzlaryň boýunyň ösmegi durýar. Edil şol wagt hem olaryň boýlarynyň ösüş plastinalarynyň, ýagny bedenleriniň çäginde süňkleriniň ösýän parçalarynyň birikýän wagty bolup durýar.