Boýumyň näçeräk boljakdygyny men bilip bilerinmi?

Siz biraz matematiki hasaplary amala aşyryp hem çaklama edip bilersiňiz, ýöne munuň üçin ene-ataňyzyň boýlarynyň näçeräk bolandygyny anyk bilmegiňiz gerek.

Aşakda getirilen formula siziň ösüp, ahyrky ýetjek boýuňyzy çaklamaga ýardam edýär, ýöne 5 santimetr çemesi eýläk-beýläk hasaba almaly.

• Gyzlar üçin: kakasynyň boýy –12,5 santimetr çemesi + ejesiniň boýy,  bölünen ikä.
• Oglanlar üçin: ejesiniň boýy + 12.5 santimetr çemesi + kakasynyň boýy, bölünen ikä. 

Seniňki näçeräk bolup çykdy?