Nähili-de bolsa ýollardyr usullar bilen, mysal üçin, göwrämi dogry tutmak üçin ýörite maşklar etmek arkaly, gerekli azyk önümlerini iýmek we goşmaça iýmit serişdelerini ulanmak ýaly usullar arkaly men boýumyň ösmegine we has uzyn boýly bolmagyma täsir edip bilerinmi?

Boýuňyzy ösdürmegiň, ýagny mümkin boldugyndan has uzyn boýly bolmagyň iň gowy usuly – saglygyňy aýap saklamak, gowy iýmitlenmegi üpjün etmek, kadaly esasda fiziki maşklar etmek we gowy uklap, ukyňy almak bolup durýar.

Boýuň ösmegi üçin gowy iýmitlenmek gerek, ýöne çagalaryň aglaba köpüsi üçin iýmitlenme diňe iýmek-içmek bilen amala aşyrylyp, goşmaça iýmit serişdelerini ulanmak zerurlygy ÝOKDUR.

Göwräni dogry tutmak – bu bir gowy zat, emma siziň boýuňyz diňe şunuň kömegi bilen ösmeýär ahbetin. Ynha, oýlanyp görüň: göwräni dogry tutmak siziň boýuňyzy uzaltmaýar, emma ol siziň boýuňyzyň uly bölegini  düzýär.

Boýuňyzy ösdürip, sizi has uzyn boýly etjekdigine kepil geçýän her bir  önüme huşgärlik bilen garaň. Siz şeýle önümleri, ýagny ýüzünde köplenç ýaýyň içinde  “stimulýator” sözi ýazylan "boýuňy ösdürýän gormon” atly girdenejikleri (tabletkalary) sagdyn iýmitlenme dükanlaryndan tapyp bilersiňiz. Emma bu durşuna ýalandyr. Boýuňy ösdürýän gormony girdenejikler (tabletkalar) görnüşinde asla tapyp  bilmersiňiz. Gynansakda, şular ýaly erkin söwda çykarylýan önümler siziň pikir edişiňiz ýaly o diýen berk gözegçilikde saklanylmaýar. Hut şu sebäpden hem, siz önüm baradaky mahabatlary seresaplylyk bilen kabul ediň.

Boýuň ösmeýänligine anyk we düýpli sebäpler bolan ýagdaýynda lukmanlar boýy ösdürýän gormony sanjym hökmünde almagy teklip ederler. Ýöne bu serişdäni hem kadaly esasda  ulanyp durmaga endik edäýmeli däldir. Munuň netijesinde peýda boljak käbir gaýry üzülmeleriň arasynda süýji keseli we beýniň içindäki suwuklygyň köpelmegi ýalylary agzap bolar.