Men öz synpdaşlarymdan has gysga ýa-da has uzyn - bu meni biynjalyk edýär. Men näme edip bilerin?

Beýle ýagdaýy başyndan geçirýän ýeke bir siz dälsiňiz. Bu ýagdaý adaty bolýan, hem boýy gysga ýa-da uzyn bolan çagalara mahsus  bir ýagdaýdyr.

Şeýle-de bolsa siz özüňize baha bermegiň üstünde işläň, eliňizde baryny edip, özüňizi şu düşen ýagdaýyňyzdan daşlaşdyryp bilersiňiz. Bu ugurda uly üstünlige ýetmegiň usuly bolsa özüňize mahsus bolan güýçli taraplaryňyzy başgalara görkezmegi başarmakdyr. 

Özüňizde biynjalyk döredýän pikirden ünsüňizi sowup, ony siz nämelerde ökde bolsaňyz we näme etmegi halaýan bolsaňyz şoňa gönükdiriň. Eger-de siz sportda, tansda, sungatda, ýa diýeli, okuw dersleriňizde ökde bolsaňyz, ünsüňizi hut şol zatlara berseňiz gowy dälmi näme.  Netijede, siz  özüňize nä derejede ynamly garaýandygyňyzy duýýarsyňyz. 

Eger siziň boýuňyz  ýaşdaşlaryňyza garanda kiçi bolsa,  bu meseläniň çözgüdini tapmakda, ýagny uzynrak bolup görünmekde, iki jynsyň hem wekillerine aýakgaby kömek edip biler. Çagalaryň birnäçesi  saçlaryny ýörite naçýos edip darap, uzynrak görünmegi başarýarlar. Ýöne, belki-de, siz hut açylýan "güllerdensiňiz".   Wagtyň geçmegi bilen ynsanyň fiziki häsiýetleriniň özgerýändigini ýadyňyzdan çykarmaň!