Kadaly ukyňy almak boýunça maslahatlar

Öňünden taýýar etmeli zatlar:

- matras. Hut özüňize laýyk gelýän matrasy saýlaň — gaty ýa ýumşak, beýik ýa pes bolsun, iň esasy zat, irden oýananyňyzda, arkaňyzda çagyl daşan ýaly duýgy bolmasa bolýar.

- ýassyk. Ýassyk saýlamaga çynlakaý çemeleşmeli. Ol size anatomik taýdan laýyk gelmeli, ukuda wagtyňyz boýun myşsalaryny agyrtmaly däl. Ýogsam, ir bilen kellagyrydan ejir çekersiňiz. Elbetde, munuň üçin kän ýassyk barlamaly bolarsyňyz, ýöne netijesi muňa laýykdyr.

- ýatanda geýilýän geýim. Bu geýim tebigy materiallardan — pagtadan ýa-da lýondan bolmaly. Tikini, bezegi mümkin boldugyndan az bolmaly. Ony hepdede 1-2 gezek ýuwmaly.

- Düşek toplumy hem, edil şolar ýaly, hepdede 1-2 gezek ýuwmak ýeterlik bolar. Ýumşak tebigy prostynlar, tämiz ýassykdaşylar hem-de teniňe ýakymly ýorganlar — süýji ukynyň girewidir.

  1. Ukynyň gös-göni öň ýanyndan:
  2. Ukudan soň: