Ukudan soň:

- dessine turuň. Ýok, goşmaça 10 minut uky sizi halas etmez. 5 minut hem, hatda 3 minut hem edil şolar ýaly. Oýananyňyzdan soň, näçe çalt ýeriňizden tursaňyz, şonça-da ýatyp galmak we ýadaw halda oýanmak howpy az bolar.

- bir bulgur suw içiň — aşgazan ulgamyňyzy oýaryň we täze güne taýýarlaň.

- bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetiriň. Maşklar myşsalaryňyzy we şähtiňi oýarar. Ýa bolmasa, tans oýnaň, bökjekläň, birnäçe gezek oturyp-turuň. Ýüzüňiziň damarlaryny hem oýnatmagy unutmaň — ol hem oýanmaly ahyry.

- öz aladaňyzy ediň. Ýuwnuň, dişleriňizi arassalaň, deriňize esewan ediň, saçlaryňyzy dara. Arassaçylyk işleri siziň irdenki däpleriňize öwrülmeli. Ondan soň siz dost-ýarlaryňyz bilen duşuşyp, olar bilen aragatnaşyk edip bilersiňiz.

- ertirlik ediniň! Günortanlyk, guşluk, agşamlyk naharlaryny sypdyrmak bolar (gowusy beýle etmäň). Ertirlik welin hökman edinmeli — ol günüň birinji ýarymy üçin siziň güýjüňizi üpjün edýär. Ýeňil, dok saklajak ertirlik taýýarlaň, mysal üçin, gury iýmişlerden ýa-da süýtden kaşa, dorag, heýgenek. Peýdaly ertirlik üçin tagam diýseň köp, olary gezekleşdirseň hem bolar.

- gadžetleriňize ýelmeşmäň. Irdenlerine bu siziň giç galmagyňyza sebäp bolup biler. Awtobusa howlugyp bolsa, nämedir bir zadyňy unutmagyň ahmal. Öýden çykmazdan öň, gerek zatlaryň ählisini alanlygyňyza esewan ediň. Poçtaňyza gelen hatlary  soňrak görseň hem bolar.