Ukynyň gös-göni öň ýanyndan:

  1. Özüňiz üçin uklamak boýunça özboluşlyja däp oýlap tapyň we ony bir hepdäniň dowamynda her gün gaýtalaň. Adam bedeni belli bir hereketlerden soňra ýorganyň hem-de ýassygyň garaşýandygyna öwrenişýär. Mundan soňra uklamak has ýeňil bolar.
  2. Uklamazdan öň, rahatlanmak üçin ýylyjak suwa düşüň.
  3. Ukudan öň gert-gäbe doýmaň. Ýagly, gowrulan, agyr tagamlar, şeýle hem kofe we çaý — bular ukynyň duşmanlarydyr.
  4. Açlyk — bu hem ukynyň ýarany däl. Açlyk duýgusyny uklamazdan öň ýagsyz kefir içip, miweli ýa-da gök-önümli işdäaçar iýip aýryp bolar.
  5. Ukudan öň otagyň içini ýelejiretmeli. Aşhana gidip kefir içip gelýänçäňiz, 10 minut ýeterlik bolar.
  6. Smartfonuňyzy, planşeti, noutbugy bir gyra aýryň. Telewizordan daşlaşyň. Bu enjamlaryň saçýan mawy ýagtylygy ukyny bölýär. Söýgüli tok-şou gepleşigiňiziň nobatdaky seriýasyny, nobatdaky atyryň mahabatyny ýa-da müsür siwilizasiýasynyň döremegi baradaky gyzykly makalany ertir hem görüp boljakdygyny ýatdan çykarmaň.
  7. Pikirleriňiziň ählisini öz erkine goýberiň. Goý, siziň kelläňizde rahatlyk höküm sürsün. Ukudan öň, iň gowusy hiç zat barada pikir ýöretmeli däl.