Oglanlar we sport: nämeleri bilmeli

Uly ýaşly sada adamlaryň käbiri ýetginjek oglanlaryň sport bilen meşgullanmagynyň esasy sebäbini sagdynlyk hem gözellik diýip pikir edýärler. Emma oglanlar üçin islendik fiziki maşklarda iň esasy maksat —  bedeniň berdaşly bolmagy we edermenligiň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmegidir.

Ýöne ýetginjek oglanlaryň sportuň görnüşini saýlamagyna «ideal» erkek adamsynyň daş keşbiniň nähili bolmalydygy babatda jemgyýetiň garaýşy täsir etmeli däldir. Netijäni we naýbaşy beden gurluşyny organizm ýeterlik taplanandan we ösenden soň hem gazanyp bolar. 20-25 ýaşa çenli aňrybaş presi we uly «bankalary» çykarjak bolmak saglygyňa zyýanly täsirleri ýetirip biler.

Saglygyna zeper ýetirmezlik üçin, oglanlar haýsy sport bilen meşgullanmaly?

Möhüm! Ýetginjekler sport zallaryna özbaşdak gatnamaly däldir. Çünki güýç maşklaryna höweslenip, «demir çekip» başlamaklygyň ony özüne maýyl edip bilmek mümkinçiligi has ýokary bolýar. Heniz daýanç-hereket ediş organlary berkemänkä we ýürek-damar ulgamy ýeterlik kemala gelmänkä, bu hili maşklar tutuş ömrüňizi zaýalap biler.

Iň gowusy sportuň nusgawy görnüşleri hakynda oýlanyp görüň. Tälimçiniň gözegçiligi astynda siz oňat netijeleri gazanyp, bedeniňizi has uly ýaşlarda agram toplamaga taýýarlap bilersiňiz.

  1. Söweş sungaty
  2. Ýeňil atletika
  3. Futbol
  4. Agyr atletika
  5. Awtoýaryşlar
  6. Alpinizm
  7. Ýetginjek ýaşda...