Agyr atletika

Agyr atletika — sportuň güýç sarp edilýän, agyr maşklary göz öňünde tutýan görnüşidir. Şonuň üçin hem 12 ýaşa ýetmedik ýetginjekler üçin bu sport gadagan edilýär – güýç sarp edilýän türgenleşikler olaryň saglygyna zyýan ýetirip biler.

Ýöne bu sportuň çylşyrymlylygyna we ýöriteleşmesine garamazdan, ol gürrüňsiz artykmaçlyklara eýedir: süňk-myşsa organlaryň berkemegi, myşsalaryň türgenleşdirilmegi, güýjüň we çydamlylygyň ösmegi, erk edip bilmek ukybyň hem belent ruhuň emele gelmegi.

Agyr atletikanyň ýetmezçiligi — şikesleriň köp bolmagy we dyza aşa agram düşmegi. Şonuň üçin hem türgenleşikleriň ählisi tälimçiniň berk gözegçiligi astynda geçmeli.

Eger-de Olimpiadalarda medal gazanmak meýliňiz ýok bolsa, onda agyr atletika güýjüňi hem-de myşsa agramyňy taplamak üçin oňat sportdur.