Alpinizm

Belentlikleri eýelemek az bolmadyk fiziki güýji, batyrlygy we erjelligi talap edýär. Alpinizm bu ukyplaryň ählisini terbiýeleýär, üstesine, ynamy, jogapkärçiligi islendik çözgüdiň netijesini aňlamak ukybyny artdyrýar. Çünki dag gerişleri säwlikleri seýrek bagyşlaýar.

Alpinizm – durmuşda toplan başarnyklary — tebigata çykmak, açyk howadan lezzet almak we özüňi ilki açyş eden hökmünde duýmak başarnyklaryny tejribede ulanmak isleýänler üçin oňat sportdur.

Alpinizmiň iň uly ýetmezçiligi — onuň esbaplarynyň aşa gymmat bolmagydyr. Ýöne esbaplary kireýne alyp, şäher «diwarlaryndan» başlasaň hem bolar.