Futbol

Eger-de dünýäde şundan has meşhur sport görnüşi bar bolsa, o bize mälim däl. Futbol – sportuň toparlaýyn görnüşi bolup, onuň üsti bilen öz indiwiduallygyňy ýüze çykaryp bolýar. Ronaldu we Messi – munuň gönüden-göni subutnamasydyr.

Bu günki gün futbolçylaryň türgenleşikleri gimnastikadan başlap, welosporta çenli fiziki maşklaryň tutuş toplumyny öz içine alýar. Futbolçylara bütin dünýä tomaşa edýär, şonuň üçin hem olaryň daş keşbi göze gelüwli hem özüne çekiji bolýar.

Şeýle hem futbol çydamlylygy we tizligi ösdürýär, toparda oýnamagy we ýoldaşlaryň bilen ýeňişlerdir ýeňlişleri deň paýlaşmagy öwredýär, liderlik ukyplaryny ýüze çykarmaga we toplanan energiýanyň çykmagyna mümkinçilik berýär. Galyberse-de, futbol sportuň arzan, köplere elýeterli görnüşleriniň biri.