Söweş sungaty

Söweş sungaty — ähli ýaşdaky oglanlar üçin tüýs ýerine düşjek sport görnüşi. Sportuň bu görnüşi bilen eýýäm 4-5 ýaşdan başlap meşgullanyp başlamaga rugsat edilýär. Ýöne 10, 15, hatda 40 ýaşda hem başlamak bolar.

Başa-baş göreşiň däp bolan görnüşleri (karate, dzýudo, sambo, taekwan-do) bilen birlikde, onuň has ekzotik görnüşlerini (kapoeýra, kobudo, taýdzýusu) hem saýlap bolar.

Söweş sungaty – bu ýöne bir sport däl. Bu giden bir pelsepe. Başa-baş göreş bilen meşgullanmak fiziki bolşy ýaly, aň-paýhas derejelerine hem galtaşýar. Siz diňe bir bedeniňizi dolandyrmagy we howpa bir topar urgy bilen jogap bermegi öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem,  öz güýjüňizi gözegçilik astynda saklap, ýiti zerurlyk bolmazdan ony ulanmazlygy hem öwrenýärsiňiz.

Söweş tejribeleri güýç-gaýraty, ezberligi, tizligi we hereketleriň utgaşyklylygyny ýaýbaňlandyrýar, ünsüňi jemlemegi öwredýär, öz-özüňi dolandyrmagyňa ýardam edýär, gahar-gazabyň derejesini peseldýär, özüňe bolan ynamy artdyrmaga we deň-duşlaryň bilen özara gatnaşygyňy gurnamagyňa kömek edýär.

Ýatda saklamaly zatlaryň biri — başa-baş söweş sporty ýeterlik derejede şikes almak howpy ýokary bolan sportdur. Aýratyn hem, türgenleşikleriň başynda – haçan-da öwrenijiler heniz güýçlerini dolandyryp bilmän, sparring-garşydaşlaryna zyýan ýetirip bilerler. Bu howpuň derejesini peseltmek üçin tejribeli, abraýly tälimçä gatnaň.