Ýeňil atletika

Ylgamak, bökmek, daş zyňmak — bularyň ählisini sportuň bir görnüşiniň — ýeňil atletikanyň çäginde barlap bolar. Adatça bu sport bilen 8 ýaşda meşgullanyp başlaýarlar, ýöne bu görkeziji başlamak üçin iň aşak çäkdir. Ýeňil atletika bilen has soňrakky ýaşda meşgullanyp başlap hem ýokary netijeleri gazanyp bolar. Iň esasy — ýeňşe bolan ymtylyşdyr.

Köp sanly artykmaçlyklara eýe bolup, ýeňil atletika bilen meşgullanmak ýürek-damar, süňk-myşsa we dem alyş ulgamyň berkemegine ýardam edýär; tizligiňi, güýjüňi, ezberligiňi, çydamlylygyňy ösdürýär; psihologik ukyplaryňy — ýeňşe bolan erki, maksada okgunlylygy, jogapkärçiligi terbiýelemäge kömek edýär.

Ýeňil atletikada hem şikeslerden gaça durmak ýeňil däl. Çykmalar, gypjynmalar we tendäki gök-salalar — sportuň bu görnüşi üçin adaty kadadyr. Öz güýjüňize gereginden artyk baha bermäň. Iň pes agramlardan başlaň.