Gürrüň gyzyşdy: DIŇLÄŇ

"Men siziň meniň üçin nämäniň gowudygyny bilýändigiňize akyl ýetirýärin. Ýöne, meniň hem öz pikirlerim, oýlanmalarym we duýgularym bar we men siziň olary eşitmegiňizi isleýärin. Men siziň olary ykrar etmegiňizi isleýärin".

Ene-ata we hossar hökmünde käwagt sabyrly bolmak we diňlemek kyn bolýar. Ýöne gulak salmak hakykatdan hem siziň gatnaşyklaryňyzy ýola goýýar; dawalary-jedelleri çözmäge kömek edýär; birek-birege has içgin düşünişmegi üpjün edýär; we çagaňyzyň size bolan ynamyny emele getirýär.

Haçan-da siziň çagaňyz ýanyňyza gürleşmäge gelende, ony üns berip diňlemek üçin şu aşakdakylary ýerine ýetirmäge synanyşyň:

Ýüzüňizi öwürmäň, açyk ýüzli, sabyrly boluň, duýgudaş boluň, üns beriň

Öz edip oturan beýleki işleriňizi goýuň we çagaňyzyň aýdýan sözlerine üns beriň.

Howlukmaç netije çykarmazdan ýa-da öz çözgütleriňizi beýan etmezden öň, çagaňyzy diňläň.

Köp sanly sorag we aýdyňlaşdyrma bilen, sözi bölmezden çagaňyz aýtjak sözlerini aýdyp, ara pursat salýança sabyr ediň.

Siziň çagaňyz beýleki beden dilinde nähili gürleşýär?

Siz öz çagaňyzy diňläp we onuň pikirlerini tankytsyz ykrar eden wagtyňyz onuň duýgularyna garap geçiň.

Jogap sözüniň bolmagyny üpjün ediň.

Olaryň siz bilen paýlaşýan maglumaty barada oýlanyň, gaýtalaň we aýdyňlaşdyryň.