Gürrüň gyzyşdy: DÜŞÜNIŇ

Ýetginjekleriň pikirleri: “Men mekdepdäki beýleki gyzlar ýa-da oglanlar ýaly bolasym gelýär”.

Siziň çagaňyzyň başdan geçirýän özgerişlerine düşünmek, size olaryň öňündäki çylşyrymly ýyllarynda olary goldamaga kömek eder.

 

Irki ýetginjeklik döwri (9-13 ýaşyndaky gyzlar we 11-15 ýaşyndaky oglanlar)

• Jyns taýdan kemala gelmek döwrüni başdan geçirmek.

• Öz bedeni hakynda çendenaşa köp pikir etmek.

• Öz daş keşbi hakynda alada etmek.

• Maşgalasyna garanda öz dostlary bilen köp wagtyny geçirmek islegi.

• Şu günki gün hakynda pikir etmek.

Aralyk ýetginejklik döwri (13-16 ýaşyndaky gyzlar we 14-17 ýaşyndaky oglanlar)

• Garaşsyz bolmak islegi we özbaşdak çözgüt kabul etmek.

• Beýlekileriň özleri hakynda edýän pikiri barada uly alada etmek.

• Gatnaşyklary synap görmäge başlamagyň başlangyjy.

• Geljek hakynda pikir etmek we “eger-onda” diýip göz öňüne getirmegi.

Giçki ýetginjeklik döwri (16+ ýaşyndaky gyzlar we 17+ ýaşyndaky oglanlar)

• "Öz işi bilen bolmak ", öz şahsy pikirleri, gymmatlyklary we dünýägaraýyşlary özbaşyna şahs bolup ýetişmegi.

• Özüniň kim bolup durýandygy bilen özüni has arkaýyn duýmagy.

• Aladasy bilen gurşap alýan romantik gatnaşyklarynyň bolmagy.

• Has hem ysnyşykly gatnaşyklary döretmegi.

• Öz beden tebigatynda özüni arkaýyn duýýanlygy, özi hakynda adamlaryň näme pikir edýändigi barada aladalanmaýanlygy.