Gürrüň gyzyşdy: DUÝGUDAŞLYK BILDIRIŇ

Ýetginjekleriň pikirleri: “Meniň başdan geçirýän zatlarym... bu adaty zatlarmy?”

Ýaşlyk döwrüňizdäki tejribäňiz barada oýlanyp, işlän wezipäňizi ýatlaň! Çagalar üçin jyns taýdan kämillige ýetmek döwri, onuň erkek oglan ýa-da gyz maşgala şahsy hökmünde ösüp kemala gelmeginiň we ösüp ýetişmeginiň bir bölegi bolup durýar.

Bu aýda,öz çagaňyzy onuň organizminde bolup geçýän özgerişler barada gürrüň bermäge höweslendiriň.  Olara bu özgerişleriň hakykatdan hem adaty zatdygyny düşünmäge kömek ediň. Siziň çagaňyzyň jyns täýdan kemala gelmek döwri başdan geçirýän käbir özgerişleri çalasyn ösüş zerarly näsag bogunlar; ýagly deri we düwürtikler; derlegenlik we bedeniň ysy; goşardan aşakda we çat maňlaýda gyllaryň ösmegi häsiýetli. Beýleki özgerişler şu aşakdakylary öz içine alýar:

GYZLAR 9-15 ýaşyndaky üýtgemeler:

Bykynlar ýarsýar we göwüs ulalýar.

Göwreliligiň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýän döwürler başlanýar we bedendäki özgerişlikler ýüze çykýar.

Jyns organlary ýetişýär.

OGLANLAR 10-15 ýaşyndaky üýtgemeler:

Ses ýognaýar.

Myşsalar ulalýar we eginler ýaýraýar.

Ýüzde we döşde gyl ösýär.

Jyns organlary ulalýar.