Gürrüň gyzyşdy: GOŞULYŞYŇ

Ýetginjekleriň pikirleri: “Men seniň bu maglumatlaryň käbirini bilmeýändir öýdýändigiňi bilýärin ... ýöne men dostlarymyň aýdýanlaryndan köp zat öwrenýärin”.

Siziň çagaňyz ösüp ýetişmek, gatnaşyklar we olaryň saglygy barada köp sanly çeşmelerden maglumat alýarlar.  Ýöne bu maglumaty ene-atasyndan eşitmek has wajypdyr. Eger-de, siz bu babatdaky gürrüňdeşliklere goşulyşmasaňyz, onda siz çagaňyzyň ösüp ýetişdigiçe, olardan sagdyn gatnaşyklara we özüni jogapkärli alyp barmagyna garaşyp bilmersiňiz. Gatnaşyklar we reproduktiw saglygy hakynda gürrüň etmek, olaryň özüni töwekgel alyp barmagyna eltmejekdigini ýatda saklaň.

Bu aýda öz çagaňyzyň gymmatlyklary we gatnaşyklary bilen meşgul boluň. Olaryň näme bilýändigini we näme bilmek isleýändigini soraň.  Umumy esassyz gürrüňleri hakykat bilen takyklamak hökmandyr.

Çagaňyz bilen işlemeli ugurlar boýunça maslahatlar:

• reproduktiw saglyk meseleleri boýunça mugallym wezipesini kabul ediň;

• gatnaşyklar we reproduktiw saglyk hakynda gürrüň etmegiň oňaýsyz bolmagy mümkindigine garamazdan, her niçigem bolsa, bu barada maslahat etmegiň wajypdygyna dogry düşüniň;

• öz duýgularyňyz we beýleki adamlaryň kabul eden dürli çözgütleri netijesinde çagaňyzyň täsir astyna düşüp biljekdigi barada gürrüňdeş boluň;

• siziň eliňizde ygtybarly serişdeleriň, şol sanda olaryň öz telefonlary ýa-da kompýuterleri arkaly girip bilýän web saýtlarynyň bardygyny, olaryň SMS ugurlary boýunça ýazyp, saglyk hyzmatlarynyň nirede elýeter bolýandygy barada has giň maglumat we kitapça alyp bilýändigine göz ýetiriň. Yashlyk.info atly ýaşlar üçin reproduktiw saglyk meseleleri boýunça takyk maglumatlar, testler we maslahatlar ýerleşdirlen saýta girmegi ýatdan çykarmaň.

Ara alyp maslahatlaşmaga teklip edilýän soraglar:

• olar özüni gatnaşyklara kürsäp uran ýaly duýmaly däldirler. Olar tä hemmetaraplaýyn taýýar bolýança gatnaşyklar maksadalaýyk däl diýip garamalydyrlar;

• olar öz hereketlerini gözegçilikde saklaýarlar we jogapkärlik bilen garaýarlar. Şeýle hem, olar hereketiň netijeleri bilen iş salyşmalydyrlar.