Gürrüň gyzyşdy: ÖWREDIŇ

Ýetginjekleriň pikirleri: Nähili edip men AIW ýokançlygynyň öňüni alyp bilerin?”

Öz çagaňa özüni nähili goramalydygyny öwretmek örän wajypdyr.

Çagaňyz bilen AIW-iň geçýän we geçmeýän ýollaryny ara alyp maslahatlaşyň. Özüňiziň umumy we giňden ýaýran nädogry pikirleri aýdyňlaşdyryp bilendigiňizi anyklaň.

AIW-iň adamdan adama geçiş ýollary

AIW geçip biler:

  • ganyň üsti bilen - sterilizasiýa edilmedik sanjymiňňe, pirsing we tatuirowka, gulak deşmek üçin abzallar we iňňeler ulanylanda, hat-da bir gezek ulanylan-da hem.
  • goralmadyk  jyns gatnaşygy arkaly. Infisirlenen adam bilen, prezerwatiwsiz bir gezek gatnaşyk edilende hem.
  • eneden çaga, göwrelilik, dogum, ýa-da ene süýdi bilen emdirilýän döwürlerinde.  

AIW-iň geçmeýän ýollary

  • AIW-i bolan adamyň taýýarlan naharynyň üsti bilen;
  • hojalykda gündeki gatnaşyk arkaly (umumy hajathana, duş, gap-gaç we şm., ulanylanda);
  • hammamda, suw howdanynda, saunada, ulagda;
  • elleşip salamlaşylanda, gürrüňdeşlikde, gujaklaşylanda, dostlukly öpüşmede;
  • gözýaş, der, tüýkülik arkaly, üsgülewükde we asgyrmada;
  • mör-möjekler çakany üçin, haýwanlar we guşlar bilen aragatnaşykda.