Gürrüň gyzyşdy: ÖWRENIŇ

Ýetginjekleriň pikirleri: “Meniň dostlarym maňa meňzeşmi? Men biri bilen duşuşyp başlamalymy? Eger-de men şeýle etmesem, meni kimdir-biri söýermikä?

Ýaşlar köp özgerişleri başdan geçirýärler.  Olarda köp sorag ýüze çykýar.  Siziň çagaňyz özüne goldaw edilýändigini duýar ýaly, oňa maglumat we gollanma bermek maksady bilen, hemmetaraplaýyn reproduktiw saglyk baradaky bilim boýunça köp maglumatlary öwrenmegiňiz zerurdyr.

Eger sizde onuň ýaly bilim entek ýok bolsa, onda kalendaryň 2-nji sahypasyny okaň.  Ol ýerde siz reproduktiw saglyk baradaky hemmetaraplaýyn bilim boýunça köp maglumatlary öwrenip bilersiňiz.

Reproduktiw saglygyň siziň pikir edýän zatlaryňyzdan has köp ugurlara gatnaşygy bardyr:

  • Gatnaşyklar
    • Dostluk, söýgi we arzuwçyl gatnaşyklar barada gürrüň. Olara sagdyn we sagdyn däl gatnaşyklaryň nähili bolýandygy barada mysallary getiriň.
  • Adamzadyň ösüşi we reproduktiw saglyk
    • Jyns taýdan kemala gelmek, göwrelilik, çaga dünýä inmegi, jyns gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklar, şol sanda adam immunýetmezçilik wirusy (AIW). Mundan başga-da, gigiýena we beýleki lukmançylyk kömegi hakynda gürrüň ediň.
  • Gymmatlyklar, gatnaşyklar we başarnyklar
    • Gymmatlyklar, çözgüt kabul edilmegi we aragatnaşyk barada gürrüň, şol sanda näme sebäpli siziň öz gymmatlyklaryňyz siz we siziň çagaňyz üçin wajyp bolup durýandygy barada gürrüň. Olaryň gowy işleýändiginiň mysallaryny görkeziň.
  • Medeniýet, jemgyýet we hukuk
    • Özümiz baradaky düşünjä täsir edýän we biziň beýleki adamlar bilen nähili gatnaşyk saklaýandygymyza täzir edýän gender barada oňyn we oňyn däl görkezilýän maglumatlar barada gürrüňdeşlik geçiriň.