Gürrüň gyzyşdy: SÖHBET GURUŇ

Ýetginjekleriň pikirleri: “Men siziň bilen gürleşenimde özümi arkaýyn duýasym gelýär. Siz maňa käýýärsiňiz diýip men gorkmak islemeýärin”.

Siz öz çagaňyz bilen nähili gürleşseňiz, ol siziň biri-biriňizi düşünişmegiňizde uly tapawut döredip biler. Özüňiziň diňleýändigiňizi görkeziň, ýygy-ýygydan sorag beriň, olar bilen dogruçyl boluň we öz oý-pikirleriňizi we duýgularyňyzy paýlaşyň.

Siziň çagaňyz bilen ösüp ýetişmek we olaryň reproduktiw saglygy barada gürrüňdeşlige nähili başlamaly? Onuň üçin aşakdaky maslahatlara eýeriň:

• Köp ene-ata özüniň nähili äheňde aýtjagy barada däl-de, näme aýtjakdygy barada has köp aladalanýar. Siz gep uruş äheňiňiziň arkaýyn, mylaýym we özüne çekijiligine aýratyn üns beriň.

• Siziň jogabyňyz gysga we düşnükli bolsun.

• Oýlanyp durman, çylşyrymly soraglaryň jogabyny bilelikde mekdep ýa-da saglyk öýi ýaly ygtybarly çeşmelerden gözläp tapyň.

• Siziň çagaňyz ýaly wagtyňyz başdan geçiren tejribäňiz, gorkyňyz we hatarlanan zadyňyz barada gürrüň beriň.

• Goý olar öz başdan geçirýän duýgularynyň adaty we sagdyn duýgudygyny bilsinler.

Gürleşmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin ýüze çykýän pursatlardaky mümkinçilikleri maşgala gymmatlyklary barada “Sapak bermek” üçin peýdalanyň. Mysal üçin, teleýaýlym we radio gepleşikleri wagtynda, aýdym diňlenende, žurnal okalanda ýa-da awtoulag sürüp barýarkaňyz söhbet guruň.

Öz çagaňyzyň oý-pikirini diňläň we onuň aljyranylygyny ýa-da gorkusyny ara alyp maslahatlaşyň.