Gürrüň gyzyşdy: ÝADYŇYZA SALYŇ

"Eje, kaka, siz meniň ýaşymda näme isleýärdiňiz?"

Öz çagaňyz bilen onuň bedenindäki we ösüşindäki özgerişler bilen bagly işe goşulyşmakdan öňünçä, geliň, ilki bilen, siziň ösüp gelýän döwrüňizdäki ýagdaýyňyz we tejribäňiz baradaky meselede ünsi jemläliň.

Biz sizi ilkinji wezipä girişmäge çagyrýarys. Ýaşlykda siziň ösüp gelýän wagtyňyzyň nähili bolup geçendigi hakynda oýlanyp görüň. Öz jogaplaryňyzy ýazyp alyň.

1. Siziň öz çagaňyzyň ýaşynda nähili bolanyňyz ýadyňyza düşýärmi?

2. Nähili fiziki özgerişlikleri başdan geçirýärdiňiz?

3. Şol döwürde bu ýagdaý sizi nähili edip özüňizi emosional taýdan duýar ýaly etdi?

4. Siziň başdan geçiren we ýadyňyza düşýän iň uly kynçylyklaryňyzyň käbirini nähili beýan edip biljek?

5. Siz şol döwürde haýsy goldawy we maglumaty alýardyňyz? Ony häzir siziň çagaňyza elýeterli bolan serişdeler bilen deňeşdirip bolarmy?

6. Siziň çagaňyzyň häzir sizden nähili goldaw almak isleýändigini bilýärsiňizmi?