Gürrüň gyzyşdy: YGTYÝARLY EDIŇ

Ene-ata hökmünde: “Biz höweslendirdik, goldadyk, köşeşdirdik, öwretdik we meşgullandyk; biz aragatnaşykda bolduk, duýgudaş bolduk, düşündik we öwrendik. Biz diňledik we hereket etdik. Bu iş biziň çagalarymyzyň öz başarnyklaryndan hem artyk gowy bolmagy ugrunda olaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin uly bir şekiliň bir bölegi bolup durýar”.

Öz çagaňyzyň mümkinçiliklerini artdyrmagy dowam etmeli:

• Olara goldaw beriň we özi hakda gowy pikirde bolar ýaly mümkinçilik dörediň.

• Hatda onuň dostlarynyň garaşýan zady bolmasa-da, çagaňyzy özbaşdak çözgüt kabul etmäge höweslendiriň.

• Aç-açan gürrüň ediň.

• Siziň çagaňyz ondan nämä garaşýandygyňyzy we onuň özüne bildirilen ynamy ödejekdigine ynanýandygyňyzy duýdyryň.

• Olaryň öz çözgütleriniň - hereketleriniň alyp barjak netijelerine düşünýändigini we kabul edýändigini anyklaň.

• Çagaňyz bilen öz ynanýan ýoluňyz we onuň näme üçin wajypdygy barada pikir alşyň.

• Anyk we dogry maglumat beriň.