Gürrüň gyzyşdy: “ÝOK”DIÝMÄNI ÖWREDIŇ

“ÝOK”DIÝMÄNI ÖWREDIŇ

Zorluk köp sanly ýaşlar üçin howp bolup durýar. Ylmy barlaglara görä, köp halatlarda jynsy taýdan zorluk edýän çaganyň tanaýan adamy bolup durýar. Zorluk hakynda açyk we dugruçyl gürrüňdeşligiň bolmagy üçin geliň biziň çagalarymyzyň sagdyn gatnaşyklaryň nähili görnüşdedigini we amatlydygyny bilmegini kepil geçeliň.

Siz öňüňize wezipe hökmünde öz çagaňyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin onuň bilen sorag-jogap işini kesgitläliň.  Olar jynsy taýdan zorlugyň öňünde ejiz ýagdaýlarynda “ÝOK” diýmek üçin nähili hereket etmeli?  Öz çagaňyz bilen meşgullanyň we aşakdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyň:

• olaryň bedeni olaryň şahsy gymmatlygy bolup durýar we olar öz bedeniniň aýry-aýry böleklerini “hususy” diýip kesgitläp bilýärler. Eger-de çaganyň elinden kimdir-biri tutsa ýa-da gujaklasa, bu ýagdaý oňa ýaramasa, onda onuň “ÝOK” diýmäge hak-hukugy bardyr;

• Eger-de çaga haçan hem bolsa, özüni oňaýsyz duýsa, onda ol adama “ÝOK” diýmelidir we hemişe öz ene-atalaryna ýa-da beýleki uly ýaşlylara dessine habar bermelidir.