Meniň çagam bilen haýsy ýaşda bu gürrüňleri edip başlamaly?

5 ýaşdan başlap, siz öz çagaňyz bilen onuň bedeni we bedeniniň işleýşi hakynda gürrüň etmäge başlap bilersiňiz. Siziň çagaňyz ulaldygyça, onuň bilen jyns taýdan kemala gelmek we gatnaşyklar baradaky has çylşyrymly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga başlamak wajypdyr.

Mysal üçin, siziň çagaňyz 5-8 ýaşlaryň aralygynda bolsa, şonda siz “maşgalanyň” we “dostlaryň” hem-de sagdyn gatnaşyklaryň nämedigi baradaky düşünjeleri kesgitläp bilersiňiz. Siz olary özüňizde bar bolan şahsy gymmatlyklar bilen höweslendirip bilersiňiz (mysal üçin, hormat ýa-da deňlik) we çagalaryň nireden peýda bolýandygy barada gürrüňe başlap bilersiňiz.

Siziň çagaňyz 9-12 ýaşyna ýetende, dürli maşgalalaryň we dostlaryň ornuny, olaryň hukuklaryny we borçlaryny beýan ediň. Sizde näme sebäpden we nähili ýol bilen degişli gymmatlyklaryň hem gatnaşyklaryň emele gelendigini kesgitläň. Mundan başga-da, olaryň göwreliligiň nähili ýüze çykýandygy, şeýle hem AIW we jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keseller hem-de beýleki howplar baradaky bilimini artdyryň.

12-15 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde siz dürli gatnaşyklary (mysal üçin söýgi, dostluk we ş.m.) ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.  Olaryň öz şahsy gymmatlyklary we gatnaşyklary hakyndaky garaýyşlary barada hem gürleşip bilersiňiz.  Beýleki meseleleriň arasynda zorluga, AIW-a garşy göreş üçin howpuň peseldilmegi, göwrelilik boýunça strategiýalary kesgitlemelisiňiz.

15-18 ýaşda siz olaryň öz gymmatlyklarynda nähili hereket edip biljekdigi we olaryň maşgalalary hem aragatnaşyklary üçin bu hereketleriň näme aňladyp biljekdigini ara alyp maslahatlaşyň.