Näme sebäpden ýaşlara reproduktiw saglyk barada hemmetaraplaýyn bilim zerur?

Ösüp, ýetişip gelýän köp sanly ýaşlar sagdyn gatnaşyklar barada dogry we dürs maglumaty alman, tersine maglumat üçin dostlaryna, Internete we beýleki habar beriş serişdelerine ýüz tutýarlar. Ýöne, olaryň bu ýerlerden öwrenýän maglumatlary hemişe dogry bolup durmaýar.  Hatda zyýanly bolmagy hem mümkin.

Siz, ene –ata hökmünde, öz çagaňyz bilen reproduktiw saglyk ugrundaky bilim barada gürrüňdeş bolmakda wajyp ähmiýetli orun eýeleýärsiňiz.

Reproduktiw saglyk ugrundaky hemmetaraplaýyn bilim çagalara we ýaşlara ýaşlykdan berlip başlansa, olaryň bedeninde we duýgularynda bolup geçýän özgerişlere düşünmäge, şeýle hem beýleki adamlar bilen howpsuz we sagdyn gatnaşyklary kesgitlemäge kömek edýär.