Siz bilýärdiňizmi…

  1. Çagaňyz siz bilen ösüp ýetişmek barada gürrüňdeş bolasy gelýär. Hakykatdan-da, ýaşlar köp halatlarda öz ene-atalaryny reproduktiw saglyga degişli  meseleler boýunça çözgütlere has netijeli täsir ediji hasap edýärler.
  2. Geçirilen ylmy barlaglar ýaşlaryň reproduktiw saglyk barada dürs maglumat alandan soň, özüni has jogapkärli alyp barmaga ýykgyn edýändigini görkezdi.
  3. Reproduktiw, ýagny önelge saglyk baradaky bilimi biziň beden saglygymyz hakdaky düşünjeden has giňdir. Bu biziň bedenimize, şahsymyza, gymmatlygymyza we sagdyn gatnaşyklary emele getirmegimize dogry düşünmekdir.