Ýaş adam üçin sagdyn bolmak diýmek nämäni aňladýar?

Sagdyn bolmak diýmek diňe näsag däl diýmegi aňlatmaýar. Bu aşakda görkezilen ugurlara doly derejede gatnaşmaga ukybyň bolmagyny aňladýar:

  • - Bilim

  • - Iş

  • - Fiziki işjeňlik

  • - Hormat goýup, gatnaşyklary amala aşyrmak

Reproduktiw (önelge) saglygy öwrenmek ösüp ýetişmegiň aýrylmaz bölegidir. Reproduktiw saglyk baradaky bilim çagalary we ýaşlary emosional we durmuş taýdan ösüşe eýe bolmaga mümkinçilik berjek  bilim, başarnyklar, gatnaşyklar, gymmatlyklar bilen üpjün edýär.