Agşamlyk

Agşamlyk naharyna bakja hem däneli, buglanan tagamlar, syrnikler (ýumurtga, dorog goşulyp edilen köke), warenikler (içine süzme, ir-iýmiş ýa-da başga zat salnyp bişirilýän börek) iýmek bolar. Et we balyk beloga baý bolup, haýal özleşdirilýänligi sebäpli olary günüň birinji ýarymynda iýmeli. Et önümlerine goşulýan hoşboý tagam berijiler bolsa has hem işdäni açýar. Netijede siz isledigiňizden hem has köp nahar iýersiňiz.

Agşamlyk nahary uklamazdan 2-3 sagat öň iýilmeli. Eger agşamlyk naharyndan soňra garbanmak isleseňiz, onda bir bulgur kefir ýa-da süýt içseň bolar. Ony hem gönüden-göni uklamazyň öňýany däl-de, belli bir wagt öňräk içmeli.