Ertirlik

Ertirlik – şol gün üçin iň esasy iýmitdir. Şonuň üçin hem onuň ýokumly bolmagy hökmany şertdir. Aslyýetinde, ertirlik naharynda hökman gyzgyn tagamlar bolmaly — däneli, doragly, ýumurtgaly ýa-da etli (gaýnadylan ýa-da ýagly bolmadyk) tagamlar. Kaşanyň içine ter miweleri ýa-da gury iýmişleri, mürepbäni, hozy goşup, ählisini gaýmak ýagynda taýýarlamaly we haýaljakdan, mazaly çeýnäp iýip onuň datly tagamynyň lezzetini duýmaly. Doragy hem edil şular ýaly edip bolar.

Eger-de işdäňiz kaşany almaýan bolsa, onda süýtli-miweli ertirligi barlap görüň — süýt, ýogurt, bulka, peýnir, miweler.

Ýumurtgadan taýýarlanýan tagamlar — gaýnadylan, gowrulan ýumurtga, heýgenek ýa-da paşot-ýumurtga ter otlar, ýeňiljek gök önümlerden taýýarlanan işdäaçardyr etli buterbrod bilen alnyp biler.

Şöhlaty we etden taýýarlanýan ýarym fabrikatlary gündelik iýýän iýmitiňizden aýryp bolmajagy mälim, emma düzüminde aşa köp mukdarda konserwantlary we duzlary saklaýandygy üçin olaryň möçberini mümkin boldugyndan azaltmaly.