Günortanlyk

Günortanlyk nahary adamyň gündelik iýmitiniň 35 %-ni eýelemeli. Ol öz içine üç, dört tagamy almaly. Olaryň ilkinjisi bolsa gyzgyn nahar — çorba bolmaly. Işdäaçar üçin ter bakja önümlerinden taýýarlanylan ýa-da bakja bilen miwelerden taýýarlanylan işdäaçarlary alyp bolar (kelem, käşir, hyýar, pomidor, salat ýapragy, ýaş sogan, bulgar burçy, rediska, petruşka, ukrop).

Gyşyna, haçan-da, ter önümler elýeterli däl wagtynda, duza ýatyrylan kelem, hyýar, pomidorlar, düýp sogan, turp, ýaşyl fasol, ýaşyl goroh (konserwirlenen) ýerine düşer. Takgaz balygy (seld), alma, klýukwa we üzüm işdäaçaryň üstüni ýetirip biler. Işdäaçarlary ösümlik ýagy ýa-da smetana bilen garmak bolar.