Içgiler barada

Arassa suwdan hem-de ajy bolmadyk çaýdan başga-da, bakja önümlerinden we miwedir ir-iýmişlerden edilen suwlary içmek peýdalydyr. Olar işdäni kadalaşdyrýar, teşneligi oňat gandyrýar we C witaminine baý bolýar. Elbetde, miwe suwlarynyň ter sykylan bolmagyny unutmaly däl. Eger muňa wagt tapylmasa, onda çüýşe gaplarda satylýan miwe suwlaryny almak bolar. Iň esasysy, olaryň düzümine oňatja üns beriň, himiýa näçe az bolsa, şonça-da gowy.

!!! Galyberse-de, kagyz gaplarda satylýan zatlaryň ählisi — şire suwlary däldir. Olaryň düzüminde hem dürli görnüşli goşundylar we ys berijiler az duşmaýar.

Gazly suwy welin, asla içmekden ýüz öwürmeli hem-de aýylganç düýş ýaly ýatdan çykarmaly. Ol suwsuzlygy gandyrman, oňa derek aşgazan-içege traktynyň gyjynmasyna getirip, süňkden we dişleriňden kalsiniň ýok bolmagyna sebäp bolup biler. Düzüminde konserwantlaryň, konsentratlaryň, reňk, ys we tagam berijileriň, şeýle hem beýleki köp sanly goşundylaryň bardygy sebäpli köplenç allergiýa döredip bilýär.

Eger-de siz datly hem peýdaly iýmitlenmegiň başga bir usulyny oýlap tapan bolsaňyz we öz tejribäňizi paýlaşmak isleseňiz biziň poçtamyza ýazyň: info@unfpa.org.tm