Lanç

Eger-de mazalyja ertirlik edinen bolsaňyz, onda ertirlik bilen günortanlyk naharynyň arasynda garbanmak zerur hem bolmaz. Ýöne birden garbanmak hyýalyna münseňiz, onda bu siziň bedeniňize gerek bolandyr. Mümkin siz nähilidir bir agyr iş bilen oňa agram salansyňyz, ol aşa köp energiýa sarp edip, dessine öwezini dolmagy talap edýändir. Şular ýaly ýagdaýlar üçin ýanyňyzda hemişe miweleri, gury iýmişleri we duzlanmadyk pisseler göteriň. Bu önümler energiýa goruňyzyň üstüni ýetirer we bedeniňizi witamin bilen baýlaşdyrar.

Kofeden asla ýüz dönderjek boluň. Gowusy ony süýtli kakao, çaý ýa-da miwe suwlary bilen çalşyň.