Agzaçarda aşa köp iýmäň

Agzaçar (Iftar) — bu musulmanlaryň bir saçak başyna jemlenip, «agyz açýan» — ýörite taýýarlanan dürli-dürli datly tagamlary iýýän baýramçylyk çagydyr.

Agzaçary bir bulgur suwdan başlamaly. Bu siziň aşgazanyňyzy iýmit kabul etmäge häzirlär we onuň bir bölegini dolduryp, siziň aşa köp iýmezligiňize mümkinçilik berer.

Duzlanan hem-de ýagly tagamlary mümkingadar azaldyň — bu tagamlar jokrama yssyda sizi öňküdenem has güýçli suwsadar.

Iň gowusy agzaçarda aşa köp iýmezlik, çünki beden heniz uklamaly ahyryn. Gijesi bilen köp mukdardaky iýmiti siňdirjek bolmak aşgazana agyr deger.

Az mukdarda iýmitlenmek madda çalşygyny tizleşdirer, ganda süýjiniň derejesini kadalaşdyrar.