Birinjiden...

Birinjiden, çagalaryň, ýarawsyzlaryň, gartaşan adamlaryň, saparda bolýanlaryň, göwreli hem-de çaga iýmitlendirýän zenanlaryň agyz beklemek parzyndan boşadylýandygyny ýatdan çykarmaly däl.

Ýetginjek – bu eýýäm çaga däl hem bolsa, ony-da bu parzy berjaý etmekden boşadylýanlaryň ýa-da bölekleýin boşadylýanlaryň hataryna goşmak bolar. Çünki bu döwürde beden işjeň ýagdaýda ösmegini dowam edýär. Gündizlerine iýmek-içmekden bütinleý ýüz döndermek bolsa onuň işine ýaramaz täsir edip biler.

Sagdyn bolan ýagdaýyňyzda, günde 4-5 sagat agyz beklemek bolar. Bu bedeniňiz üçin oňat tejribe bolar we ösüp barýan organizme zeper ýetirmez.

Agyz beklemek — möhüm dini parzdyr, ony diňe şahsy fiziki we aň mümkinçiliklerine akyl ýetirip bilen adamlar berjaý etmeli. Saglyk ýagdaýyňyz sebäpli siz agyz bekläp bilmeseňiz, onda mätäçlik çekýäniň garnyny doýruň — bu haýyr iş hem size sogap bolar.