Derman serişdelerini kabul etmek

Eger-de siz günde derman içmeli halda bolsaňyz, onda olardan hiç bir ýagdaýda hem ýüz öwürmeli dälsiňiz. Ýürek-damar kesellerinde, gipertoniýada, aşgazan kesellerinde, böwregiň hroniki keselinde bu aýratyn möhümdir.

Eger-de şahsy saglygyň bilen agyz beklemäniň arasydan saýlamaly bolsa, onda din ulamalary hem, lukmanlar hem saglygy saýlamagy maslahat berýärler. Kesel bilen ýarawsyz halda siz haýyr işleri amal edip bilmersiňiz.