Irden — mazaly naharlanmak üçin esasy wagt

Irden naharlanmak suhur diýlip atlandyrylýar. Ana, şu hem mazaly naharlanylýan wagt. Irden bütin güne ýeter ýaly energiýa toplamak üçin oňatja naharlanmaly. Ýöne teşnelik hem bimaza etmeli däl.

Munuň üçin däneli tagamlar oňat bolar — kaşalar açlygy oňat dep edýär we aşgazanda uzak özleşdirilýär. Onuň üstüne süýjüsi o diýen köp bolmadyk gury iýmişleri, gaýnadylan eti goşup bolar.

Haýaljakdan iýip, iýmiti mazaly çeýnäň. Saçak başyndaky zatlary daň atmazdan 5 minut galanda syryp-süpürjek bolup oturmaz ýaly, munuň üçin irräk oýanmaly boljak.

Irden hem köpräk suw içiň.