Özüňize agram salmaň

Mukaddes Oraza aýynda organizme agram salmazlyk üçin gündizlerine aşa ýadamajak bolmaly. Okuwdan ýüz öwürmek bolmaz, ýöne uzakly gün sapaklara taýýarlanyp oturmaly bolmaz ýaly edip, gün tertibini düzmeli.

Sport bilen meşgullanan wagtyňyz siz derläp, bedeniňizdäki suwuklygy çykarýarsyňyz. Şonuň üçin hem türgenleşiklerde güýç sarp edýän maşklara däl-de, umumy berkidiji maşklara has köp ähmiýet bermeli. Gimnastika bilen meşgullanyp, bogunlaryň çeýeliginiň üstünde işläň, rahat ýagdaýda myşsalaryňyzy açyň. Bu siziň bedeniňizi zerur bolan energiýa bilen güýçlendirer.

Mümkin boldugyndan gündizlerine birki sagat ýatyp turuň.