Remezan aýynda hökmany tagamlar

Eger-de siz sagdyn bolup, agyz beklemek kararyna gelen bolsaňyz, iýýän iýmitiňiz sagdyn iýmit ýörelgelerine, ýagny beloklaryň, ýaglaryň hem-de uglewodlaryň deň paýlanmagyna esaslanmalydyr.

Tagamlaryň sanawynda et, dorag, balyk, bakja önümleri we ýarma we makaron ýaly haýal özleşdirilýän uglewodlar bolmalydyr. Ýagly, gowrulan, ajy tagamlary mümkin boldugyndan azaltmaly ýa-da asla olardan ýüz öwürmeli.