Dümew, hakykatdan hem, howplumy?

Biziň her birimiz dümew bilen ençeme gezek keselledik we bu keseli köpräk gyzgynjak suwuklyk içseň we aýaklaryňy ýyly saklasaň geçip gidýän burun dykylma ýaly ýeňiljek kesel bilen bir zat hasaplaýarys. Hatda adamlaryň aglabasy dümew zerarly lukmana ýüz tutup hem durmaýar.

Emma dümewiň ştammlary (mikroorganizmleri) welin örän köp bolansoň, hut siziň ýagdaýyňyzda wirusyň nähili hereket etjekdigini öňünden aýdyp bolmaýar. Şonuň üçin hem ilkibaşdan bejergi hünärmen bilen maslahatlaşylmalydyr.