Nädip we haçan sanjym almaly?

Biziň dümew diýip atlandyrmagy endik eden zadymyz — howanyň çalyşmagy bilen oýanýan we bir keselliden beýleki birine ýokuşýan wirusyň kesgitli bir formasydyr. Şonuň üçin hem dümew üçin «däp bolan» möwsümler — güýz we ýaz. Hut şu döwürde dümew keseli bilen keselleýänleriň sany agdyklyk edýär. Wirusa garşy göreşmek boýunça esasy çäreler hem hut şu döwürde geçirilýär.

Dümewe garşy priwiwkany 6 aýlykdan başlap, tä giçki gartaşanlyga çenli, göwreliligiň ähli döwründe alsaň bolýar. Waksina howpsuzdyr.

Ýeke-täk çäklendirme: SANJYM ALYNÝAN WAGTYŇ SAGDYN BOLMALYDYR!