Bu ukyp diňlemek arkaly kämilleşýär

Adatça, başga adamlara gowy düşünýän adamlaryň diňleme ukyby  gowy bolýar. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesine laýyklykda, haýsy-da bolsa bir adam beýleki adamy näçe gowy diňlemegi başarýan bolsa, şonça-da ol özüniň gepleşýän adamy bilen aragatnaşygynyň has gowy boljakdygyna gözüni ýetirýär. Bu aragatnaşygyň we ýakynlygyň bardygy barada duýgy döredýär.

Biziň köpimiz özümizi gowy diňleýji diýip hasaplaýarys. Aslyýetinde, diňlemek uly ähmiýete eýe, emma ýönekeýje bir zat ýaly bolup görünýär.  Emma köplenç biz bar ünsümizi hut näme diýjek bolýandygymyza gönükdirip, diňlemek işimiziň edil işleýşimiz ýaly geçmeýändigi baradaky hakykaty inkär etmeli däldiris. Ynha, şu ýerde diňlemek ukybyňyzy kämilleşdirmekde peýdalanyp biljek usullaryňyzyň käbirleri getirilen:

  • Her gün geçirýän söhbetdeşlikleriňizde gowy diňlemegi başaryň. Aýratyn hem diňe öz diýýän zadyňyza üns bermän, eýsem siziň bilen gürrüňdeş bolup oturan adamyň diýýänlerini hem üns berip diňläň. Diňlemek ukyby geplemek ukybyndan has ähmiýetli diýip hasap etmegi endik ediniň.
  • Diňläp otyrkaňyz gürrüňiň näme barada gidýändigine düşünmek bilen çäklenmän, eýsem gepleýän adamlaryň nähili duýgudadyklaryna hem düşünjek boluň. Mysal üçin, dostuňyz size bir zat barada gürrüň berip oturan bolsa, onuň nähili duýgulary başdan geçirendigini ýa-da geçirýändigini göz öňüňize getirjek boluň. Dostuňyza duýgudaşlyk bildirýändigiňizi we onuň nähili duýgulary başdan geçirýändigini biljek bolýandygyňyzy görkezjek bolup, ýagdaýa laýyklykda: "Gowudygyny!" ýa-da: "Elbetde, bu siziň ýüregiňizi agyrdandyr."  diýip aýtsaňyz bolar. Şonda özüňiziň gürrüňdeş bolýan adamyňyza has ýakyn, ýagny özüňizi onuň bilen “has sazlaşykly”, edil onuň düşen ýagdaýynda ýaly duýýandygyňyzy aňarsyňyz. Şeýdip, dostuňyzyň şondan soň näme gürrüň berjekdigini hem öňünden çak edip bilersiňiz.Gürrüňdeş boljak adamyňyzy düýpli we  dykgat bilen diňlemäge taýýar boluň.    
  • Durmuşynyň aýratyn ähmiýete eýe döwri barada eşitmek maksady bilen öz dostuňyz ýa-da maşgalaňyzyň haýsy-da bolsa bir agzasy bilen gürrüňdeş boluň. Mysal üçin, ene-ataňyzdan olaryň toýy barada ýa-da mamaňyzdan, ýa bolmasa babaňyzdan ilkinji çagalary bolanda nähili edip belländiklerini soraň. Olaryň durmuşlarynda hakyky tejribeleriniň neneňsi bolandygyny göz öňüňize getirjek boluň. Olardan nähili duýgulary başdan geçirendiklerini we şol duýgulara nämeleriň sebäp bolandygyny gürrüň bermeklerini haýyş ediň.